Bag sazy




                                                                                                                                  

                                                                                                                                  Meşhur sazanda Durnazar Hudaýberenowyň doglan gününiň 90 ýyllygyna

                                                                                                                           Bag sazy
                                                                                                                             (Oçerk)

            Hormatly, Prezidentimiziň milli medeniýetimiziň we sungatayzyň pajarlap ösmegi ugrunda çekýän il we döwlet bähbitli zähmedi örän ygtybarly we ähmiýetlidir. Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda, ýyl-ýyldan baýlaşýan medeni mirasymyzyň, kämilleşýän sungatymyzyň mertebesi dost-dogan ýurtlarda-da barha ýokary galýar. Onuň 2015-nji ýylda, “Ile döwlet geler bolsa” we 2017-nji ýylda, “Parahatlyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly çapdan çykan kitaplary halkymyzyň arasynda gyzgyn seslenme tapdy we ýurdumyzyň bagşy-sazandalary ol kitaplara ýokary baha berip, baş gollanma hökmünde ulanýarlar. Onuň meşhur “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym—Türkmenistan!” aýdymy her gün radio-, teleýaýlymlarda, baýramçylyklarda, toýlarda ýaňlanýar we häzirki zaman—Bagtyýarlyk döwrümiziň aýdymlarymyzyň arasynda öňdebaryjylygyny saklap gelýär. Milli aýdym-sazymyza hormat goýup, bagşy-sazandalara howandarlyk edýäni üçin, eziz Watanymyzyň parasatly we salyhatly baştutany, mähriban Prezidentimize, merdana türkmen halkymyz gije-gündiz alkyş okaýar.
    Türkmenistanyň meşhur sazandasy Durnazar Hudaýberenowyň ogul-gyzlarynyň we agtyk-çowluklarynyň adyndan, Arkadagymyza bolan minnetdarlygymy şu oçerkiň üsti bilen beýan etmekligi müwessa bildim.
Baharyň ilkinji günleriniň dynç günleriniň bir güni hemmeler öýderäkdi. Daň bilen, Gündogaryň şapagy ýaňy gyzaryp başlanda, Durnazar Hudaýberen ogly, düýn gije, öýüniň gapdalyndan akyp geçýän Taňrygazana guran çeňňeklerini barlap çykdy. Olaryň birine bilek ýaly beýlekisine bolsa, kiçiräk—şapbat ýaly lakga düşüpdir. Durnazar balykdan boşan çeňňeklere ýaňadan ýagyş gurçugyny ildirip, suwa oklady-da, öýe tarap ýöneldi we towuklaryna iým berip ýören aýaly—Aýjemala ýüzlendi:
— Keýwany, bu günem boş däl—diýip, guýruklary bilen urunýan balyklary görkezdi.
— Her gün balyk iýip, çagalaram berçigipdir. Oňa-muňa dadyraýmasaň, düýnki gowrulanlaram iýilmän ýatyr—diýip, aýaly biperwaý seslendi-de, işi bilen gümra boldy.
— Güýze çenli sabyr et! Aw möwsümi başlasyn, men seni ördek bilen gazdan doýraryn—diýip, Durnazar tutan balyklaryny arassalap, mazaly duzlady-da, hasa bilen örtüp, guratmak üçin telärden asyp goýdy.
Tebigatyň perzendi we onuň muşdagy, Durnazar, dürli öwüşginli şetdaly gülleriniň jadylaýjy müşgine maýyl bolup, bagyň içine girdi. Şetdaly gülleriniň hoşroý ysyndan kükregini dolduryp:
—Nähili ajaýyp! —diýip, şetdalylar bilen gürleşip başlady: —Siz bu gün nähili üýtgeşik owadan! Toýa şaýlanan gyzlar ýaly, dürli-dürli köýnek geýipsiňiz—diýip, eli bilen bir agajyň bilini sypalap durşuna, tämiz howadan ýene öýkenlerini dolduryp dem aldy. —Näme üçindir gyzlara “Erikgül”, “Nargül”, “Üzümgül” atlaryny dakýarlar-da, “Şetdalygül” diýip dakanoklar-a!? Ýogsa siziň gülüňiz ýaly owadan, näzik gül dünýede barmyka!? —diýip, Durnazar sazanda başga agajyň ýanyna bardy-da, ony boýdan-başa synlap: —Tüweleme! Ýadyňa düşýämi, dört ýyl mundan owal, men seni sowuk urmaz ýaly, peýwendi erige sapypdym, indi gülleriň sany beýlekileňkiden az däl?! —diýip, başga şetdala tarap ugrady, onuň ýakynyna baryp: —Ýaşuly, salawmaleýkim! —diýdi. Ýadyňdamy, sekiz ýyl gül görkezmediň, elime palta alyp, “Çaparyn!” diýip çenenimden soň, hasyl getirip başladyň? Meni bagyşla, gadyrdanym! —diýip, sazanda agajyň düýbüne üýşürilen ýabaklaryň üstüne geçip oturdy. Dokuz hilli şetdalylaryň türkmen sazlarynyň bir-birine meňzeş bolmaýşy ýaly, sap-sarysy, ýumruk ýalysy, içi sapaklysy-sapaksyzy; al ýaňaklysy; ir düwýäni; giç getirýäni—her dürlisi bardy. Sazanda hemmesiniň gylygyna beletdi.
Ol bagdan öýe tarap ýöneldi we ýöräp barşyna aýalyna:
—Aýjemal, hany, boşaşan bolsaň, ýeriňe bar! Düýnkini dowam etdireli, azajyk galdy.
—Durnazar, suratymdan göçüräýsene! —diýip, Aýjemal başyndan sowjak boldy.
—Ýarym sagatjyk-la—diýip, Durnazar öýe girmänkä, daşky diwardan asylgy duran radionyň sesini gataltdy.
—Aý, bolýar-da—diýip, Aýjemal gelneje başyndaky ýaglygyny düzedişdirip, çaklaňja oturgyjy alyp, şetdalyň saýasyna geçip oturdy. Durnazar jübüsinden, böwri deşilip, ýüp geçirilen rezin bozgujyny boýnundan asdy-da, gaty ak kagyzyň ýüzüne çekilip, tamamlanyp barýan aýalynyň portretini fanere berkidip, oňaýly oturdy. Sünnälenip, inçe, ýogyn ýonulan galamlaryny eline alyp, başlanan portretiň ýüzüne ýumşak, gaty galamlary gezekleşdirip, arasynda çotgajygy bilen sypalap, barmaklary bilen düzedişdirip, mahal-mahal gapdala çekilip portreti synlaýar. Ýaňy gyzyşyp başlany hem şoldy welin, öýden çagalary—Ogulnabat bilen Döwletmyrat ylgaşyp daş çykdylar.
—Eje, Jennet oýandy! —diýip, jigileriniň “enekesi”, Ogulnabat iki ýaşlyja Oguljennediň oýanandygyny habar berdi. Aýjemal oturan ýerinden, gobsundy. Çagalarynyň iň ulysy—ejesiniň birinji kömekçisi, Annabibi, ojakdaky tüňçelere ot berip duran ýerinden, basdaşja jigisine ýüzlenip, ejesine derek jogap gaýtardy:
—Göreňokmy? Ejem işli. Boşaýança güýme!
Ogulnabat Annabibä dilini görkezip, öýe girip gidýär. Dört ýaşlyja Döwletmyrat bolsa, eglenmän baga tarap ýönelýär, portrete ýakynlanda sähel salym säginýär-de, boýnuny uzadyp, kakasynyň çekýän suratyny synlaýar; edil kakasynyň mylaýym ýylgyryşyny edip, suratkeşiň ýüzüne seredýär we kakasynyň rugsat berjekdigine birjik-de şübhelenmän, ejesine tarap ýönelýär. Döwletmyrat kellesini ejesiniň egnine goýýar. Aýjemal oglunyň ýaňagyndan öpüp, egninden gujaklaýar. Alaç ýok, indi bir adama derek ikisini çekmeli boljak...
—Gymyldaman oturgyn, oglum!
—Bolýar, kaka—diýip, düşbüje Döwletmyrat kakasyna wada berýär we tä suratkeş olara rugsat berýänçä sarsman oturýar. (Oňa 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň permany bilen “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýilen at dakylar.) Suratkeş bu günlükçe “boldum” etdi-de, zatlaryny ýygnamaga durdy. Onýança, radio: “Halk aýdymy—“Karar oldum”, ýerine ýetirýär—Nursähet Halsähedow” diýip, yglan edýär. Radiodan gargy tüýdügiň gyryljak owazy eşidilýär, haçan-da bagşy:
“Çykdym güller seýran edip,
Ge-el, ýarym, ýarym, ýarym, ýarym!
Görmeýen bikarar oldum...” —diýende, Durnazar, goýunlaryny örä äkitjek bolup agyla tarap ýönelen, uly ogly—Jumamyrada buýurdy:
—Jumamyratjan, bar oglum, öýden dutary alyp çyk, çaltrak!
Ýedi-sekiz ýaşly Jumamyrat hyrra yzyna öwrüldi-de, öýe tarap “ýelk ýasady”. (Ol Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwlet Ballykow bilen bilelikde 1994-nji ýylda geçiriljek “Ýaňlan diýarymyň” ýeňijisi bolar.)
Bagşy: “ Mejnunymy men ýat edip” diýýänçä, Durnazar onuň sesine derrew dutaryny düzdi. Sazanda aýdymy ahyryna çenli diňläp:
—Bäh, bu owazyň süýjüdigini! Gargy bilen örän gowy gelşipdir. Munuň sazyny dutara geçirmeli—diýip, radiodan ýaňlanýan indiki aýdyma üns bermän, “Karar oldumy” öwran-öwran çalyp, ony birnäçe hepdeden bir “durkuna” getirdi—şeýdip, özüniň dutarda kämilleşdiren “Çykdym gülleriň” ikinji nusgasyndan başga, täze, üçünji— “Karar oldum” sazy dünýä indirdi. Indi ol aýdymy gaýgyly nusgada gyjagyň, gargy tüýdügiň zaryn sesine goşup hem aýdyp bolýar; aýdymyň asuda görnüşini dutaryň mylaýym sesine goşup hem aýdyp bolýar. Aýdymyň zaryn owazly nusgasyny Leýli, Mejnunyny göresi gelip içi gysanda aýtsa; ikinji—birneme şadyýan nusgasyny kenizleri bilen seýle çykanda, aşygyny wagtyhoş halda ýatlap aýdýar.
Adamyň durmuşynda her dürli hadysalar bolup geçýär. Baharyň gül seçip, müşk saçýan günleriniň bir güni, Durnazar sähranyň goýnyna gyzyl güläläk bilen ýazylan “halynyň” üstünde oturyp saz çalyp otyrka, dostlary biri üm bilen onuň dutardan ünsüni sowjak bolup, barmagyny gülleriň arasy ýuwaşlyk bilen süýşüp gelýän guşlary görkezýär. Sazanda “Degmäň!” manyda başyny ýaýkaýar. Saza maýyl bolup gelen guşlar kesekatym ýere gelip, säginýärler we butnaman dutaryň owazyny diňleýärler. Ýokary bilimli biolog mugallymy, sazanda, kakuwyny haýallatman çalyp oturyşyna ýoldaşlaryna gürrüň berýär:
—Ho-ol, ganatlary we guýrugy gara ala saryguş—dag geçiguşy, Motacilla flava. Bu guş yssy düşýänçe bizde birki aý myhmançylykda bolup, soň uçup gidýär, ýöne saýrap bilenok. Anha, ol guş bolsa, —diýip, sazanda boýnuny çala saga öwürip, ganatlary guýrugy goňur, depesinden boýnunyna çenli gara zolakly, gursagy we garny açyk reňkli guşa gözüni ümläp, —biziň öz guşumyz—ojar serçesi, Passer ammodendri . Biraz öwrenişensoň ol bize saýrap hem berer. Edil şoňa meňzeş onuň doganoglany—çöl serçesi-Passer simplexhem bar. Ol hem saýraýar ýöne her bir sazyň öz owazy bolşy ýaly her guşuň hem özboluşly saýraýşy bar—diýip, dutaryň kakuwyny haýalladan-da, ojar serçeleri: “Bagşy, haýallama, çal, ýene çal!” diýýän ýaly şadyýan jürkülleşdiler. Sazanda çalyp oturan sazyny kesip, ojar serçeleriniň owazyna gelişäýjek, ilkinji gezek “Näzli baýramy” çalyp olary “kowalady”. Guşlar hem özlerinden näme talap edilýänine düşünýän ýaly, çüňklerini göge tutup, guýruklaryny ýelpäp, ýerli-ýerden saýraşyp başladylar. Diňleýjiler: Durnazaryň dostlary, sary dag geçiguşlary butnaman, öň görülip-eşidilmedik, özboluşly tebigy “ansamblyň” konsertini haýran galyp diňlediler.
Türkmenistanyň halk artisti Han Akyýew: “Durnajan (Durnazar Hudaýberenow) ýaly edepli asylzada sazanda ýurtda ýokdur. Edil ulygyz ýalydyr, ýetişen gyzyň bolsa arkaýyn ikisini bir jaýda goýaý, çaksyz ygtybarlydyr” diýip, gürrüň bererdi.
Obaň çetinden “IŽ-49” kysymly motosikliň “tar-tar-tar” diýen sesi ýakyna golaýlanda, Durnazar:
—Han dädäň motory... Han däde gelýär!—diýip, begenjine ýüzi ýagtylyp gitdi.
Hakykatdanam, ol—Han Aky ekeni, özi hem ýeke däl, ogly—Gulbabany alyp gelipdir. Iki sazanda gujaklaşyp gadyrly görüşdiler. Han Aky gele-gelmäne “hüjüme” geçdi:
—Durnajan, geçen gezek “Burny aşagyň” garba-gürbe—towlanýan ýerini çalamda, sen “nädogry alýaň” diýipdiň. Öýe baryp, gramplastinkamy öwran-öwran diňledim, edil Mylly agaňka meňzedip çaldym. Allajanlarym, ýolda gelýäkäm ýatdan çykmadyk bolaýady-da—diýende, Durnazar ýylgyrdy. Soň ol ogluna:—Bar oglum, dostlaň bilen görüş! —diýdi.
Gulbabajyk dosty, Jumamyrat bilen Taňrygazana düzülen çeňňekleri barlamaga gidensoňlar, Durnazar Han aga ýüzlenip: on ýaş dagy uly bolansoň, oňa “däde” diýýärdi.
—Däde, ýör öýe gireli-le!—diýip, dostunyň goltugyndan tutdy. Han Aky Durnazardan on ýaş töweregi uly bolansoň, oňa “däde” diýýärdi.
—Ýok, inim. Men seň bagyňy görmek üçin oglumy hem ýanym bilen ýörite alyp gaýtdym. Bagda oturaly. Şular ýaly “jennet” ýene bir ýerlerde barmyka!? —diýip, ýüzüni baga tarap öwürip, öwran-öwran tämiz howadan dem aldy.
Bagyň içindäki agaç sekiniň üstüne geçip, ellerine dutarlaryny alansoňlar çekeleşik güýçlendi. Hersi özüniňkini dogry hasaplajak bolýardy. Ahyrsoňy, patefony getirmeli boldy...
Durnazar gramplastinkany goýdy-da, patefona tow berip, ses alýan iňňesini emaý bilen gramplastinkaň üstüne goýdy. Han aga gulagyny patefonyň ses çykýan tarapyna golaýladyp:
—Anha, eşitdiňmi? Men hem solar ýaly alýan-da!
—Han däde, seňki hem biçeme däl, özboluşly, ýöne edil asyl nusgasy däl-dä.
—Sen näme, halypaň—Durda meňzedip çalýaňmy? Ýekeje zadyňyz, hat-da ikiňiziň kakuwyňyzam-a gabat gelenok—diýip, Han Aky dyzady.
Hakykat: Durnazar, halypasy— Türkmenistanyň halk bagşysy, Durdy Myradowdan köp tilsimleri öwrenen hem bolsa, ikisiniň çalýan sazlary bir-birine kybapdaşrak, ikisiniňki hem şirin, süýji çyksa-da, asla bir-birine meňzänok. Mysal üçin: “Ol ýylan” bilen “Halyndan gara gözlüniňi” Durdy Myradow kiçi oktawanyň fa-diýez minoryna (lýa mažora) düzüp çalsa, Durnazar Hudaýberenow hem şol oktawanyň biraz ýokarragyndan—fa mažoryna düzüp çalýar; “Ol ýylanda”: “Gara gözüň jan almanyň kastynda”—diýip, bagşy aşaky perdä düşüp gygyrýan ýerini Durnazar Hudaýberenow bir gezek çalsa, Durdy Myradow iki gezek düşýär, ýagny, Mollanepesiň goşgysynyň “Käte öýmesini başyna orap, käte şana bilen zülplerin darap...” setirler bilen başlanýan dördünji topbagynyň hem bardygyny ýatladýar. Sazandalar bu iki sazy birmeňzeş, ortatap tempde (moderato), çalan hem bolsalar, kakuwlary bir-biriniňkä sähelçe mezeýän hem bolsa, Durnazaryň owazy gaýgylyrak, Durdy agaňky birneme şadyýan eşidilýär.
Durnazar halypa öz kämilleşdiren, “Söýli halanynyň” mary nusgasyny si-bemol minoryň ritminde çalyşy gaýgylyrak (dolento) eşidilse-de, edil göwnüçökgünli-melanholiki (malinconico) däl, gaýtam mylaýym-näzik (sowamento), mähirli (accarezzevole) ýaňlanýar. Her bir saz özüniň ýeke-täk düzüwinde (çekiwinde) çalynýar. Mylly agaň “Humaralasyny”, “Jepbar Hansähedowyň “Şirin-şekerini”, Çary Täçmämmedowyň “Dostlugyny” çekiwini üýtgedip çalyp gördüler... Ýakymlylygam ýitýän eken, lezzetem. “Söýli halanyň” hem düzüwini üýtgedip çalsaň, onda onuň bar owadanlygy we nepisligi (elegante) ýitýär. Her sazyň öz düzüwini (çekiwini) takyk tapmaklyk ukyby ussatlygyň ýokary derejesine ýeten bagşy-sazandalara mahsusdyr. Elbetde, bagşylar sesiniň ýetäýjek derejesini peýläp, sazyň çekiwini özleriçe, islän oktawasyndan we notasyndan düzýärler. Bu babatda olara erkinlik berilendir.
Aýazly gyş aýlarynyň birinde Durnazar sazanda bir toýy sowup, ikinji çakylyga gelende, gije ýaryma golaýlapdy. Ol bagşylaryň saz-söhbet edip oturan jaýynyň gapysyny açanda, diňleýjilerden hyryn-dykyn dolan jaýyň içninde oturara ýer ýokdy. Oturanlar gysylyşyp, eli dutarly sazanda ýer berdiler. Iki ýaş bagşy ýap-ýaňy aýdym aýdyp, birneme dynç almak üçin gyra çekilipdirler. Ortada sazandaň şägirtleri, Bäşim Geldi bilen Agamyrat Nury ikisi goşulyşyp, “Garry ezizimi” çalyp otyrlar. Toýçylyk-da. Durnazaryň egnine ýaplanyp oturan serhoş badakly dili bilen: “Aý, berre-kella! Mme-en bol-a! Gör-ä how, onuň edäýşini!—diýip, ýeke özi sazandalaň “häsini” berip otyr, arasynda Durnazara öwrülip: “Agam, senem bagşymy?” , sazanda: “Ýok” diýip, ýuwaş sesi bilen jogap gaýtarýar. “Onda-da eliňde dutar bar!?”, Durnazar: “Men sazanda” diýip, sypaýyçylyk edýär.
Sazandalar sazy tamamlan badyna, ikisi hem ör turup, halypalaryny töre çagyrýarlar:
—Halypa, salawmaleýkim!
—Bärik, biziň ýanymyza geçäý, halypam!
Durnazar halypa oturanlara salam berýär-de, orta geçýär-de, ilki bilen “Jelili”, soň “Zybagözeli” tamamlap, “Köçe bagyna” geçende, ýaňky serhoş oturan ýerinden:
—Aý, bagşy aga, arasynda birki heňem gaçyryp goýbersene!—diýip, şol bir gaýtalanyny gaýtalap, çalynýan sazyň mazasyny alyp otyr.—Sendenem bir bagşy bormaý! Ahyrsoňy, ömrüne birjik gatyrganmadyk Durnazaryň sabyr käsesi dolup:
—Ah-how, inim! Bäbekkäň eneň hüwdüsinden ganmadygyňa men günäkär däldirin-ä, how! —diýende, oturanlar gyzyl-gyran gülüşdiler. Asylly, ýumşak Durnazar, ýigidiň göwni galmasyn, diýip, aýdym aýtmaga hyýallandy. Durnazar halypa örän seýrek aýdym aýdardy we elmydama dutaryň sesi güýçli ýaňlanar ýaly, kirişleri inçe sesli oktawa sazlap, aýdymy güýçli bolmadyk, mahmal bariton sesi bilen, bir basgançak ýokardaky, ýogyn oktawada aýdardy. Üç sazanda “Aşyk oglany” ýaňlandyryp başlanda, irkilip oturanlara “jan girip”, ýerinden gobsundylar. Bagşy:
O-o-o-o-o-o-ow.
Suw boýunda duran oglan,
O-o-ow. Ýap boýunda duran oglan,
Ýareý, ýareý, ýar-ow,ýar-eý,
Okun-ýaýyn geren oglan.
Geren oglan, geren oglan.
Bilezigmi alan oglan,
Alan bersin bilezigmi.
Bagşy hemmeleriň bu söýgüli aýdymyny, ilki aýdyp, diňleýjiler haýyş etmänkä öňürtdi. Soňundan yzly-yzyna “Pelek ömrümiň” heňine “Jahanda näler görüneri”, “Jelili”, Girman bagşynyň “Gürjüniňini” “sugşyrdy”. Bagşy bogazyna dynç bermek üçin şägirtlerine ümledi. Ilki, ýapbal-ýapbal “Çoh derde goýan ýarymdan” başlap, üç dutardan düzülen ansambl gyzyşyp, “Sataşdyma” ýetdi, soňundan “Balsaýadyň” dört nusgasyny hem sepleşdirip goýberdiler...
Durnazar halypa “Söýli halandan” soň Türkmenistanyň halk bagşysy Magtymguly Garlyýewiň “Oýan” aýdymyny dutarda abadanlaşdyrýar we kämilleşdirýär. Durdy Myradow oňa:
—“Oýan” ýaly çylşyrymly sazy, meşhur eden sazanda, onda bu sazy hem ile çykaryp biler—diýip, “Neýläýiniň” gysgarak görnüşini çalyp görkezýär.
“Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter” diýleni, —birnäçe aýyň türgenleşigi miwe berdi—örän çylşyrymly, dürli-dürli kakuwly, ýakymly owazly, başdan-aýak tolgundyryjy, ilkinji nusgasyndan ha kämil, üýtgeşik täze saz—“Neýläýin” döredi. Sazandanyň özüniň gürrüň bermegine görä “Neýläýiniň” üstünde işläp otyrka, iki sany gumry “workuldaşyp” onuň golaýyna gelipdirler, ussat sazanda ol guşlaryň sesini hem saza geçirip goýberipdir. Ondan soň yzly-yzyna: “Zybagözel”, “Haraýym Döndiniň” mary nusgasy, “Nergiz”, “Durhenuz”, “Ýedi maňzar” bilen “Jeliliň” birnäçe nusgalary...
Sazanda Maryň çäginden çykyp, Ahal sazlaryny özleşdirmäge başlady. Onuň “Zelil göwnüm”, “Burny aşak”, “Gelemen”, “Heserli”, “Dagarman”, “Babasen”, “Ýoluksa”, “Meşrep”, “Berkeli çokaý”, “Selbinýaz gyrk” atly çalan halk sazlary saz muştaklarynyň hususy arhiwlerinde saklanyp gelýär.
Ýaş sazanda bilen ägirtler: Mylly Täçmyradow, Pürli Saryýew, Çary Täçmämmedow dagylar gyzyklanyp başladylar. Türkmenistanyň halk bagşylary Bally Mätgeldiýew, Tüýli Otuzow, Giçgeldi Amanow, Türkmenistanyň halk artisti Han Akyýew dagy bilen has hem ysnyşykly gatnaşykda boldy. Bagşy-sazandalaryň arasynda “ Humaralany”, “Hajygolagy”, “Mukamalar başyny”, ”Neýläýini” çalan sazanda hemme sazlary çalmagy başarar” diýen gürrüň ýaýrady.
Durnazar Hudaýberenow, ýigrimi alty ýaşynda, 1953-nji ýylda, halypasy—Durdy Myradow bilen Aşgabada gelip, ýazgy edýärler. Ýyl geçdigiçe kämilleşip, sazandaň repertuary giňeýär, ýene-de birnäçe gezek ýazgy edýär. Onuň goýup giden nusgawy sazlary şu günlere çenli yzygiderli radioýaýlymda ýaňlanyp dur (gynansagam onuň telekamera düşürilen ýazgysy ýok).
Durnazar Hudaýberenow 1953-55 ýyllarda Moskwanyň Halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisinde geçirilen Türkmenistanyň medeniýetiniň we sungatynyň günlerine gatnaşýar we türkmen halk saz-gurallarynyň topary bilen Çehoslowakiýa döwletinde gastrolda bolýar. 1971-nji ýyllan başlap Türkmengalanyň “Sähra gülleri” atly aýdym-tans ansamblyna ýolbaşçylyk edýär.
Sazanda-kompozitoryň döreden sazlary: ”Halypama”, “Daglanan ýürek mukamy”, “Azerbeýjan dostuma”, “Özbek dostuma”, “Murgap tolkuny”. Onuň täzeden işläp, kämileşdiren sazlary: “Oýan”, “Neýläýin”, “Zybagözel”, “Karar oldum”, “Söýli halan”, “Jelil”, “Nergiz”, “Şordan tapyldy”, “Çykdym gülller”, “Ýedi maňzar”...
1982-nji ýylyň dekabr aýynyň on dördüne, ýapraklaryny düşürip, uly çilläniň ukusyna giden sazandaň bagyndaky şetdalylar bir zatdan gorkan ýaly tisginişip gitdiler; Taňrygazanyň dup-dury, ýalpak suwy tolgunyp, üstüne abanyp duran agaçlaryň kölegelerini egrem-bugram edip bulaşdyrdy... Bu gün meşhur, ussat sazanda, asylzada Durnazar Hudaýberenow aradan çykdy. Bu ajy habara halypaň dost-ýarlary, şägirtleri ilkibada ynanmadylar...
Miweli agaçlar ýylaşa hasylly bolýar—bir ýyl bol getirse, indiki ýyl “dynç alyp”, güýç toplaýar. Halypaň ölüminden soňky ýyl, ýa güllerini sowuk urdy, ýa ýaňy düwen miwelerini ýel gaçyrdy—belli däl, şetdalylar ujypsyzja hasyl berdi. Hatda, iýul-awgust aýlary täze, ýaş baldaklaryň çetreýän döwründe agaçlaryň hemmesi biragyzdan “dymdylar”. Soň... Soň bolsa, ýuwaş-yuwaşdan biriniň, soň beýlekileriniň çür depesi, beýlekisiniň bir gapdaly gurap başlady...
Sazandaň maşgalasy bagy halas etmek üçin golunda baryny etdiler: haşal otuny orup, ýerini agdardylar; agronom-biology çagyrdylar; dermanladylar... Bu gözgyny hadysany synlap duran, köpi gören bagban, halypaň oglanlaryna ýüzlenip: “Eý, inilerim, sanalgyň dolsa gidibermelidir, kysmata çäre ýokdur! Bular hem janly ahyryn. Möwriti dolandyr... Ýa eýesiniň hasraty agyr düşendir...” diýdi.
Beýik sazandaň şetdat “şetdalylary”—ogul-gyzlary: Jumamyrat, Döwletmyrat, Oguljennet, Gültäç, Begmyrat, Ogulmaral, Atabaý dagy maşgala ansamblyny düzüp, birnäçe gezek radio-, teleýaýlymda çykyş etdiler. Olar aýratynlykda-da eziz Watanymyzyň milli baýramçylyklarynda yzygiderli çykyş edip durlar. Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletmyrat Hudaýberenowyň ogullary—Şükür, Nurýagdy Türkmenistanyň milli konserwatoriýasyny, gyzlary—Nergiz, Gülnur Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky sazçylyk mekdebini tamamlap, medeniýet ulgamynda zähmet çekip ýörler.
Türkmengala etrabynyň Durnazar Hudaýberenowyň adyny göterýän sazçylyk-sungat mekdebine gezelenje baran adamlar, sazandaň gara galam bilen çeken nepis suratlarynyň sergisini synlap, zehin atly hazyna nesip edende, tutyşlygyna peşgeş berilýändigine göz ýetirýärler.
Ägirt sazanda birnäçe şägirt ýetişdirdi: Orazgeldi Hallyýew,Muhammetabdy Sähedow,Bäşim Geldiýew, Aşyr Nurlyyýew, Agamyrat Nury; elbetde, öz ogullary: Jumamyrat we Döwletmyrat Hudaýberenowlar. Aşyr Nurlyy hem sazanda, hem ussa; onuň elinden çykan dutarlary güneşli ýurdymyzyň ähli künjegine ýaýrady. Onuň ýasan ilkinji elektrodutarynda, Durnazar Hudaýberenow, Bäşim Geldiýew we Agamyrat Nuryýew, Mary welaýatynda ilkinjiler bolup türkmen sazlaryny ýaňlandyrdylar.
Hormatly Prezidentimiziň sungata, sungat işgärlerine sarpa goýuşy çäksizdir. Ol hormat goýup, 2013-nji ýylda merhum bagşy-sazandalara, artistlere: Şükür Kulyýewe, Täçmuhammet (Bally) Hajyýewe, Çary Hekimowa “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen hormatly at dakdy. 2016-njy ýylda, Garşsyzlyk baýramymyzyň öňisyrasynda merhum bagşylary: Myrat Sadykowy, Ödenyýaz Nobatowy, Ilaman Annaýewi, Nurjemal Adyýewany, Akjagül Myradowany, Roza Hudaýbergenowany “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly bilen sylaglady.
Mähriban Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli alyp barýan işleri rowaç alsyn! Goý, onuň we onuň maşgalasynyň başlary dik, janlary sag bolsun!


Kakajan Balkanow,
awgust 2017 ý.





Рейтинг работы: 0
Количество рецензий: 0
Количество сообщений: 0
Количество просмотров: 4
© 03.07.2019 Какаджан Балканов
Свидетельство о публикации: izba-2019-2586756

Рубрика произведения: Разное -> Публицистика










1